GAMMA –PYÇAKDAKY STEREOTAKSIKI RADIOHIRURGIÝA — BU NÄME?

Radiohirurgiýa – kelle süňkündäki patalogiki çişi radiasiýanyň uly mukdaryny bir gezekleýin berip stereotaksiki gurallary ulanmak bilen, has dogry şöhlelendirme bejertme usulydyr. Gamma-pyçak guraly neýrohirurgiki enjamlaryň arasynda aýratyn orny tutýar we kelle süňkündäki patalogiki çişleriň köpüsini (onkologiýa, damar malformasiýalary, trigeminal newralgiýa) inwaziwsiz bejergi üçin ýokary ýöriteleşdirilen gural bolup durýar.

ÝEŇILLIKLER

image

Kesmesiz we trepanasiýasyz, agyry döretmeýän bejergi

image

Hyrhyň we netijeliligiň oňat deňeçerligi

image

Duýgy organlarynyň bozulmagynyň minimal töwekgelligi

image

Şöhlelendirmäniň has dogrulygy

image

Bejertmäni almak üçin bir gün hem ýetirlikdir

MERKEZIMIZ BARADA

image
Akademik N.N. Burdenko adyndaky Neýrohirurgiýa YBI-ň ýanyndaky Gamma-Pyçak merkezi 2005-nji ýylyň aprel aýyndan bäri öz hyzmatyny raýatlar üçin edýär. Şu döwürden başlap biziň merkezimizde 6000-den gowrak näsaga bejertme berildi. Daşary ýurtdaky lukmanlar bilen oňat gatnaşygy saklaýarys. Biz Elekta firmasynyň Gamma-Pyçak guralynda işlemekde hünärmenleri taýýarlamak boýunça okuw merkezidiris.

Biziň lukmanlarymyzyň ýokary kwalifikasiýasy.

Olar ýurdumyzyň öňde baryjy ýöriteleşdirilen medisina edarasynda – RFYA-daky Akademik N.N. Burdenko adyndaky Neýrohirurgiýa YBI-de köp ýyllap neýrohirurg bolup işläp uly tejribeliligi bilen tapawutlanýar. Olar öz tejribeliligini radiologiýa we stereotaksiki radiohirurgiýa ugrunda alan bilimleri bilen başarnykly utgaşgyrýarlar. Bu bolsa, diňe Gamma-Pyçak bejertmesi bilen çäklandyrylman näsaglara anyklamak we bejertmek OPTIMAL usulyny hödürlemäge mümkinçilik döredýär.

RFYA-daky Akademik N.N. Burdenko adyndaky Neýrohirurgiýa YBI bilen ýakyn gatnaşyklar.

Merkezimizdäki näsaglara bejertmäni almanka we alandan soň, newrologiýa, neýrooftalmologiýa, oto newrologiýa, neýrorentgenologiýa, neýroendokrinologiýa, neýropsihiatriýa ugrundaky ýurdumyzyň güýçli hünärmenleri öz maslahatyny berýär. Neýrohirurgiýa YBI –ň bazasynda näsaglaryň (görkezmeler bar ýagdaýynda), Russiýa Federasiýasynyň we GDA-ň beýleki medisina edararynda elýetmez medisina barlagynyň goşmaça görnüşlerinden geçmäge mümkinçiligi bardyr:

  • Kelle beýnisindäki spiral KT-perfuziýasy
  • DWI tertibindäki bütin endamyň МРТ-i
  • Birfotonly emission KT
  • Elektroensefalografiýa
  • Gistologiki serişdeleriň täzeden barlanylyşy
image

ANDREÝ WLADIMIROWIÇ GOLANOW

Professor,m.yl.d., neýrohirurg, medisina işleri boýunça general direktoryň orunbasary, esasy radiolog.

Moskwadaky neýrohirurgleriň jemgyýetiniň agzasy, Russiýa Federasiýasynyň Neýrohirurgleriniň assosiasiýasynyň agzasy, Bütindünýe, Ýewropa we Amerika Neýrohirurgleriniň assosiasiýasynyň agzasy (WFNS, EANS, AANS), Amerika we Ýewropa onkologlarynyň we radiologlarynyň jemgyýetiniň agzasy (ASTRO, ESTRO), Stereotaksiki radiohirurgiýa boýunça halkara jemgyýetiň agzasy (ISRS), «Gamma-pyçakdan» peýdalanyjylaryň Bütindünýe we Ýewropa jemgyýetiniň agzasy, (Leksell Gamma Knife Society), Stereotaksiki radiohirurglaryň jemgyýetiniň agzasy (RSS) we beýleki. 275-den gowrak neşirýat işiniň awtory we 5 monografiýanyň soawtory. «Stereotaksiki radiohirurgiýany» ösdürendigi üçin «Ýylyň üstünligi »nominasiýasynda onkologiýa ugrundaky I Bütinrussiýa baýragynyň laureaty. Medisina ylmynyň we saglygy goraýşyň ösdürilmegi üçin netijeli zähmeti çekendigi üçin RFYA –ň hormat haty.

BEJERTMÄNIŇ NYRHY

2015 – nji ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap «Gamma-pyçak» merkezinde fiziki şahslar – RF-ň raýatlary bejertme üçin 10%-lik möçberindäki ýeňillikden peýdalanýarlar. Medisina işgärleri, Çernobyl awariýasyny ýok edijiler, BWU-ň weteranlary üçin 10%-lik möçberindäki ýeňillik göz öňünde tutulýar ( tassyklaýjy resminamalaryň bar ýagdaýynda). Bejertme üçin täzeden ýüz tutulanda ýeňillikler hem ýöredilýär.

Neýrohirurgiýa YBI –ne ýatyrlaýyn bejertme , şol sanda antiografiýany geçirmek üçin, nyrhlaryň sanawynda görkezilen bejertmäniň nyrhyna girenok, bu ýatyrlaýyn bejertmäniň nyrhy RFYA-daky N.N. Burdenko adyndaky Neýrohirurgiýa YBI –de hereket edýän nyrhnama boýunça aýratyn hasaplanylýar.

HABARLAŞMAK ÜÇIN

IŞ TERTIBI:

düşenbe-penşenbe güni: 9.00–18.00 g. anna güni : 9.00–17.00 g.

HATY UGRATMAK ÜÇIN SALGY:

125047, Russiýa Federasiýasy, Moskwa ş., 4-nji Twerskaýa-Ýamskaýa köç., j.16, korp. 3 Neýrohirurgiýanyň iş merkezi.

JAN ETMEKLIGIBUÝURUŇ
KABUL EDILŞEÝAZYLMAK
MASLAHATY ALMAK